Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Hüjümde 10 adam öldi


Yragyň resmileri janyndan geçen üç hüjümçiniň Ramadi şäherindäki hökümet jaýlarynyň toplumyna hüjüm edendigini, bu wakanyň netijesinde 10 polisiýa işgäriniň ölendigini habar berýärler.

Yragyň polisiýa ofiseriniň aýtmagyna görä, 15-nji maýda sazlaşykly amala aşyrylan bombaly ulagly hüjümlerde başga-da azyndan ýedi polisiýa ofiseri ýaralanypdyr.

Ramadi Yragyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň paýtagtydyr. Bu welaýatda Yragyň hökümet güýçleri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşýärler.

Polisiýa ofiseriniň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň, Ramadi şäherinde hökümetiň kontrollygynda saklanylýan territoriýalary ele salmak maksady bilen eden täze basyşydyr.

XS
SM
MD
LG