Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Serbiýa bilen gatnaşyklara gowy baha berdi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Serbiýanyň paýtagty Belgrada edýän saparynyň dowamynda öz ýurdunyň Serbiýa bilen gatnaşyklaryna gowy baha berdi.

15-nji maýda Lawrow serbiýaly kärdeşi Iwiça Daçiçiň ýaýradan beýanatyny gowy garşylady. Gürrüňi edilýän beýanatda Belgrad Ýewropa Bileleşigine agzalygy gazanmak üçin Moskwa bilen gatnaşyklaryny pida etmez diýilýär.

Şeýle-de, Lawrow Russiýa, Albaniýanyň liderleri tarapyndan ýaýradyldy diýilýän beýanat we ýakynda Makedoniýanyň demirgazygynda bolan durnuksyzlyk dogrusynda aladalanma bildirdi diýdi.

Lawrowyň bu saparynyň çäginde Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç we premýer-ministr Aleksandr Wuçiç bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Lawrow Serbiýanyň “Politika” atly neşirine beren interwýusynda Serbiýa Moskwanyň günorta-gündogar Ýewropadaky esasy hyzmatdaşydyr diýdi.

XS
SM
MD
LG