Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýilowanyň tussaglyk möhleti uzaldydy


Azerbaýjanyň sudy tussaglykdaky derňewçi zurnalist we AÝ/AR-nyň habarçysy Hadija Ismaýilowanyň deslapky tussaglyk möhletini uzaltdy.

14-nji maýda Bakuwyň sudy Ismaýilowanyň deslaky tussaglyk möhletiniň ýene-de üç aýa çenli uzaldylandygy barada karar çykardy.

Derňewçi raportlary esasynda Azerbaýjanyň hökümet resmileriniň arasyndaky korrupsiýanyň üstüni açan Ismaýilowa geçen ýylyň 5-nji dekabrynda tussag edilip, ol ilki bada bir adamy öz janyna kast etmäge öjükdirmekde aýyplanypdy.

Soňra bu aýyplamalary ýöňkän adam öz şikaýatyny yza çekmäge synanyşdy, emma prokurorlar bu talabyň jogaby barada köpçülige maglumat bermediler.

Ismaýilowa garşy fewral aýynda täze aýyplamalar ýöňkeldi. Şol aýyplamalaryň arasynda salgyt galplyklary, bikanun biznes işjeňliligi we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly aýyplamalar bar.

Ismaýilowa özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG