Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Türkmenleriň il ýaşulysy aradan çykdy


Owganystandaky etniki türkmenleriň görnükli wekilleriniň biri Muhamad Ysmaýyl Munşy aradan çykdy.

Owganystanyň Milli Mejlsiniň Ýokary palatasynyň agzasy bolan Ysmaýyl Munşy saglyk ýagdaýlary sebäpli 14-nji maýda Kabulda ýogaldy.

60 ýaşynda aradan çykan Ysmaýyl Munşynyň jynazasy 15-nji maýda onuň dogduk obasy – Jowizjan welaýatynyň Akja etrabynyň Şirek obasynda geçirildi.

Owgan hökümetinde ýokary wezipelerde işlän senator Munşynyň ölümine Owganystanyň prezidenti, Owganystanyň Milli bitewi hökümetiniň baş wezipesini ýerine ýetirijisi we beýleki ýokary derejeli owgan resmileri öz gynançlaryny bildirdiler.

Owgan türkmenleriniň görnükli wekillerinden Ysmaýyl Munşy Owganystanda bolan uruş we “Talyban” režimi döwründe Türkmenistanda hem ençeme ýyl ýaşapdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG