Sepleriň elýeterliligi

'Alkogola garşy göreş kemçilikli boldy'


Mihail Gorbaçýow

Mihail Gorbaçýow

Mihail Gorbaçýowyň 1980-nji ýyllarda alkogola garşy ýöreden kampaniýasynyň dowamynda aragy we beýleki agyr alkogolly içgileri satyn almak üçin dükanlarda durmaly bolan uly nobatlar öňki Sowet Soýuzynda ýaşan köp adamlaryň ýadynda bolsa gerek.

Häzir öňki sowet lideri özüniň ilkinji uly inisiatiwalarynyň çäginde 30 ýyl mundan öň başlan bu kampaniýasynda goýberilen kemçilikler barada aýdýar.

Gorbaçýow 15-nji maýda “Komsomolskaýa Prawda” gazeti bilen söhbetdeşliginde spirtli içgilerden saklanmak programmasyny “kellä palta urlan ýaly, [birden] girizmeli däldi” diýdi. Ol bäş ýyllyk kampaniýanyň ýuwaş-ýuwaşdan we takyk plana görä alnyp barylmalydygyny belledi.

Alkogola garşy plan

Alkogola garşy plan 1985-nji ýylyň 16-njy maýynda Mihail Gorbaçýowyň häkimiýet başyndaky Kommunistik Partiýasynyň Baş sekretary wezipesine geçmeginden iki aýdan soň başlanypdy.

Bu sowet ykdysadyýetinde zähmet öndürijiliginiň pese gaçmagyna we ilatyň ömrüniň ortaça uzaklygynyň gysgalmagyna sebäp bolan alkogolizmiň pajarlap ösmegine jogap bolmalydy.

Alkogol içgilerini satýan dükanlaryň aglaba köpüsi ýapylypdy we azyk dükanlarynda alkogol satylýan sagatlar çäklendirilipdi. Alkogolyň nyrhy ýokarlanyp, agyr içgileriň düzümindäki esasy serişde bolan gandyň gytçylygy döräpdi.

Iş ýerinde ýa-da köpçüligiň arasynda içgili tutulan adamlara temmi berlipdi.

Ähli mekdepler, kärhanalar, ýokary okuw jaýlary we beýleki guramalar alkogola garşy jemgyýetleri döretmäge mejbur bolupdylar. Alkogol toýlarda hem gadagan bolupdy. Kawkazda, Moldowada, Ukrainada we Orsýetiň günortasynda seýrek çakyrlary öndürýän hojalyklar ýok edilipdi.

Bu syýasat ilat arasynda goldaw tapmandy we netijede alkogol önümçiliginiň gara bazary döräp, sowet býujetine onlarça million amerikan dollary möçberinde zarba urupdy.

1990-njy ýylda bu kampaniýa resmi taýdan ýatyryldy.

Alkogol meselesi

Gorbaçýow “Komsomolskaýa Prawda” neşiri bilen söhbetdeşliginde kampaniýanyň durmuşa kämil geçirilmändiginiň öz şahsy ýalňyşy bolandygyny boýun aldy. Emma ol bu ýalňyşyň jogapkärçiliginiň planlaşdyryş we durmuşa geçiriş işlerine jogapkär bolan ýokary derejeli sowet ýolbaşçylary Ýegor Ligaçowa we Mihail Solomentsewe hem degişlidigini aýtdy.

Alkogola garşy kampaniýanyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 2005-nji ýylda beren interwýusynda Gorbaçýow ony “ýalňyşlyklar sebäpli biabraý bolan beýik ideýa” diýip atlandyrypdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň maglumatyna görä, häzirki Orsýetde ölüm ýagdaýlarynyň 30%-i alkogol içmek bilen bagly. Şeýle-de Orsýetde akogola garaşly ýaşlaryň sany beýleki ýurtlara garanda has köp.

Emma şu ýylyň başynda Orsýetiň hökümeti ýurtda alkogol içilmeginiň möçberiniň we munuň bilen bagly ölüm derejesiniň peselýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG