Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Latwiýa garşy çykýar


Orsýet 15-nji maýda Latwiýanyň rus prezidenti Wladimir Putini haja çüýlenen şekilde görkezýän we geçegçileri oňa çüý kakmaga hyjuwlandyrýan heýkeline protest bildirdi.

Orsýetiň Latwiýadaky ilçihanasy Latwiýanyň Daşary işler ministrligine nota iberip, Rigada ozalky sowet kgb-siniň ýerleşen ýerinde, açyk meýdanda goýlan heýkele «adatdan daşary gahar we ýigrenç» bildirdi.

Ilçihananyň feýsbukdaky sahypasynda häzir ÝB Geňeşiniň prezidenti bolup duran ýurduň paýtagtynda munuň ýaly prowakatiw «sungatyň» kabul ederlik däldigi aýdylýar.

Latwiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Baltkom radiosyna ol sungat eseriniň anyk Putini ýa başga bir hakyky adamy şekillendirmeýändigini, oňa diňe sungat tankytçylarynyň we professionallaryň baha bermelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG