Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmileri bitaraplygy «açmaly»


Prezident G.Berdimuhamedow hökümet agzalaryna we beýleki ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aktiw gatnaşmagy tabşyrdy.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň «türkmen bitaraplygynyň çuňňur many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmeginiň zerurdygyny» belländigini habar berýär.

Berdimuhamedowyň pikiriçe, bu «asylly, jogapkärli işe» habar serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda, hökümet agzalary, beýleki ýolbaşçylar, ähli adamlar işjeň gatnaşmaly.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda 116 makala çap edilipdir.

XS
SM
MD
LG