Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça döredilen Konstitusion topar ýakyn wagtda öz mejlisini geçirer.

Bu barada Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda aýdyldy.

Bu topar geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seretmeli, esasy kanunyň işlenip taýýarlanan, rejelenen görnüşindäki taslamasyny Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna hödürlemeli diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet baştutanynyň tabşyrmagyna görä, bu soň taslama ýurduň ähli ilaty tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmaly.

XS
SM
MD
LG