Sepleriň elýeterliligi

Pakistan uly operasiýa başlaýar


Pakistan harbylary demirgazyk Waziristanda güman edilýän «talyban» nyşanalaryna zarba urdy.

Harby uçarlar 15-nji maý güni irden Şawal jülgesindäki gür tokaýlygy bombalady. Zarbalar netijesinde azyndan 15 jeňçiniň öldürilendigi aýdylýar.

Ýaşaýjylar bu jülgä demirgazykdan we günortadan tanklaryň we esgerleriň gelýändigini aýtdylar.

Pakistan «Talybany» goşun 2014-nji ýylyň iýunynda uzak garaşylan hüjüme başlamazdan öň demirgazyk Waziristanyň tas ähli ýerine kontrollyk edýärdi.

«Talyban» häzir Şawal jülgesine kontrollygy saklap galýar we pakistan harbylaryna hüjüm gurnaýar.

XS
SM
MD
LG