Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ramadä has kän goşun iberiler


Yrak harbylary häzir umuman YD tarapyndan kontrollyk edilýän Ramadä has kän goşun iberiljegini aýdýar.

Yrak goşunynyň sözçüsi 16-njy maýda Yragyň döwlet telewideniýesine ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň yrak goşunlaryny 15-nji maý agşamyndan bäri «netijeli» howa zarbalary bilen goldaýandygyny aýtdy.

Emma brigada generaly Saad Maan Ibrahim Ramadidäki söweş barada jikme-jik zat aýtmady we YD-nyň basym şäherden kowlup çykaryljagyny wada berdi.

«Yslam döwleti» topary 15-nji maýda esasy hökümet binasynda gara baýdagyny dikeninden soň, Yragyň Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadiniň köp bölegini ele geçirdi.

Yragyň harby resmisi indi Ramadiniň 90 prosent semesiniň YD-nyň eline geçendigini aýtdy.

Ramadi Yragyň howpsuzlyk güýçleri we ýarym harby toparlary geçen ýyl YD-ny yzyna serpikdirip başlaly bäri pitneçiler tarapyndan syndyrylan ilkinji uly şäher boldy.

Bagdatdan 110 km günbatarda, giň çöllükde ýerleşýän Ramadi Saud Arabystany, Siriýa we Iordaniýa bilen serhetleşýän Anbar welaýatynda hökümet kontrolynda galan birnäçe şäheriň biridi.

XS
SM
MD
LG