Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan premýeri Aşgabada barýar


Metbugat habarlaryna görä, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif 20-nji maýda Türkmenistana resmi sapara barýar.

Bu saparda TOPH, ýagny Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana gaz eltmeli geçirijiniň proýekti barada maslahat ediler.

«Express Tribune Pakistani» gazetiniň ýazmagyna görä, bu ugur boýunça gaz import etmek üçin 10 milliard dollarlyk geçiriji gurmak zerur.

Gazet bu proýektiň bahasynyň biraz öň 7.5 milliard dollar diýlip hasaplanandygyny ýazýar.

TOPH geçirijisiniň jemi uzunlygy 1,735 km bolmaly we onuň 200 kilometri Türkmenistanyň içinden, 735 kilometri Owganystanyň , 800 kilometri Pakistanyň içinden geçip, Hindistan bilen serhetdäki «Fazilka» diýen ýere barmaly.

Bu geçirijiniň ýyllyk gaz möçberi 33 milliard kub metr bolmaly.

XS
SM
MD
LG