Sepleriň elýeterliligi

YD lideri öldürildi


ABŞ gündogar Siriýada, amerikan komandasynyň reýdi arkaly, «Yslam döwleti» toparynyň ýokary derejeli liderini öldürendigini aýdýar.

Ak tamyň 16-njy maýdaky beýanatynda ekstremist toparyň nebit-gaz we maliýe operasiýalaryna göni kömek berýän Abu Saýýabyň öldürilen reýdini prezident Barak Obamanyň buýrandygy aýdylýar.

ABŞ resmileri reýd mahalynda onuň aýalynyň ýesir alnandygyny aýtdylar.

«Roýters» habar gullugy munuň ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň, YD tarapyndan saklanýan amerikan we beýleki daşary ýurt zamunlaryny azat etmek boýunça geçen ýyl edilen we başa barmadyk ýaşyryn tagalladan başga, Siriýanyň içinde geçirendigi bilinýän ilkinji operasiýasy bolandygyny aýdýar.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Bernadette Meýehan bu operasiýanyň Yrakdan, yrak häkimiýetleriniň doly razylygy astynda, Siriýanyň hökümetine duýdurylman geçirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG