Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýanyň dikuçaryny urdy


Türkiýe, türk howa giňişligine geçeninden soň, Siriýanyň dikuçaryny urup ýykandygyny aýdýar.

Emma Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi bu habary ret edip, çaklaňja gözegçilik dronynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň goranmak ministri Ismet Ýilmaz dikuçrayň 16-njy maýda, Türkiýäniň günortadaky Reýhanly şäheriniň golaýynda urlandygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu ol dikuçara duýduryş berlendigini, emma onuň türk howa giňişliginden gitmändigini aýtdy. Ol dikuçaryň Siriýanyň içine gaçandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG