Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Müsür hökümine alada bildirýär


Birleşen Ştatlar müsür sudunyň gyrakladylan yslamçy prezident Muhammad Morsini we ýene 100-den gowrak adamy ölüme höküm etmesinden «çuňňur alada» bildirdi.

Müsür sudy olary 2011-nji ýyldaky gozgalaň mahalynda köpçülikleýin türmeden gaçylmagyndaky rollary üçin ölüme buýurdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Waşingtonyň köpçülikleýin sudlar we türmä basmalar praktikasyna yzygiderli garşy çykandygyny, bu işiň Müsüriň halkara borçnamalaryna we kanunyň hökmürowanlygyna laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Adam hukuklary toparlary müsür häkimiýetlerini «Musulman doganlygynyň» goldawçylaryny we dünýewi aktiwistleri bikanun basyp ýatyrmakda aýyplaýarlar, häkimiýetler muny ret edýär.

Morsi Müsüriň azat saýlanan ilkinji prezidenti boldy. Ol 2013-nji ýylyň iýulynda, bölüji syýasaty köpçülikleýin protestlere getirenden soň, harbylar tarapyndan işden gyrakladyldy.

XS
SM
MD
LG