Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kambodiýa rus tütjaryny deportasiýa etdi


Kambodiýa bikanun ýaşaýan gaçgak rus tütjaryny ýurtdan deportasiýa etdi.

Orsýetde 175 million dollary bikanun öz haýryna geçirmekde aýyplanan Sergeý Polonskiý 17-nji maý güni irden Moskwa barýan uçara mündürildi.

Polonskiý 15-nji maýda, Kambodiýanyň kenarýaka şäheri Sianukwilde tutuldy. Häkimiýetler onuň iki ýyl bäri möhleti gutaran wiza bilen ýaşaýandygyny aýtdylar.

Gozganmaýan emläk tütjary Orsýetde 2013-nji ýylda 80 sany emläk maýadarynyň 5.7 milliard rublyny bikanun öz haýryna geçirmekde aýyplandy.

Kambodiýa polisiýasy ony 2013-nji ýylda, Interpol sanawy sebäpli, tussag etdi. Emma Polonskiý özüniň bigünädigini, ogurlyk aýyplamasy bilen emlägini elinden aljak bolýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG