Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moldowada birleşik ýörişi geçirildi


Moldowanyň paýtagty Kişinýewde müňlerçe adam ýurduň Rumyniýa bilen birleşdirilmegine goldaw bildirip, ýörişe çykdy.

Guramaçy, «Aksiýa 2012» topary 16-njy maýdaky demonstrasiýa 20 müň adamyň gatnaşandygyny aýdýar.

Polisiýa olaryň sanynyň 5 müň bolandygyny aýtdy. Protestçiler ýurtdaky sosial problemalary çözmegiň ýeke-täk çakalgasy ÝB agzasy bolan Rumyniýa bilen birleşmekde diýýärler.

Guramaçylar bu çäräni Bessarabiýanyň Orsýet imperiýasy tarapyndan basylyp alynmagynyň 203-nji ýyl dönümine gabatladylar.

Moldowa bilen Rumyniýa ýakyn gatnaşyk saklaýar, pikir soraşlyklar moldowanlaryň 10 prosentden 20 prosente çenlisiniň birleşmegi goldaýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG