Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» 30 adamy alyp gaçdy


«Talyban» jeňçileri gündogardaky Paktia welaýatynyň ýollaryny bagladylar we azyndan 30 ýolagçyny ýarag astynda alyp gaçdylar. Biraz soň olaryň köpüsi polisiýa tarapyndan azat edildi.

Paktianyň welaýat polisiýasynyň başlygy Zalma Orýakhaýl 16-njy maýda Azatlyk radiosyna ýesirleriň altysyndan başgasynyň azat edilendigini aýtdy.

Ol alnyp gaçylanlaryň hemmesiniň asuda, garyp adamlar bolandygyny, olaryň arasynda hökümet işgäriniň ýokdugyny aýtdy.

16-njy maýda Saýad Karm etrabynda guralan adam alyp gaçmagyň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG