Sepleriň elýeterliligi

Kabulda iki adam öldürildi


Owgan polisiýasy janyndan geçen bombaçynyň awtoulag bilen Kabul aerortynyň golaýynda daşary ýurt howpsuzlyk güýçleriniň awtoulagyna hüjüm edendigini aýdýar.

17-nji maý güni irden guralan hüjümde asuda ilatdan azyndan iki zenanyň ölendigi, 18 adamyň bolsa ýaraly bolandygy aýdylýar.

AFP-niň suratçysy daşary ýurt howpsuzlyk güýçleriniň agzasynyň erbet zyýan ýeten sedanyň içinden çykarylyşyny görendigini habar berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky polisiýa missiýasy partlama mahalynda şol ýerde EUPOL awtoulaglarynyň ikisiniň bolandygyny tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG