Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýada protest bildirilýär


Makedoniýada 30 müňden gowrak adam hökümete garşy proteste toplandy.

Oppozisiýa partiýalary 17-nji maýda paýtagt Skopýede şu wagta çenli iň uly protestiň guraljagyny aýtdylar.

Hökümete tarapdar partiýalar bolsa, 18-nji maýda demonstrasiýa çagyrdylar.

Oppozisiýa guramaçylary öz protestlerini birnäçe gün dowam etdirjeklerini aýdýarlar.

Demonstrasiýaçylar we oppozisiýa partiýalary Makedoniýanyň premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Emma Gruýewskiý hökümete tarapdar hususy telewideniýede çykyş edip, özüniň işden çekilmek niýetiniň-de, geçiş hökümetini kabul etmek pikiriniň-de ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG