Sepleriň elýeterliligi

30 müňden gowrak protestçi toplandy


Makedoniýa, 30 müňden gowar adam proteste toplandy. Skopýe, 17-nji maý, 2015.

Makedoniýa, 30 müňden gowar adam proteste toplandy. Skopýe, 17-nji maý, 2015.

Paýtagt Skopýede 17-nji maýda geçiriljek anti-hökümet demonstrasiýa gatnaşmak üçin Makedoniýanyň çar künjeginden 30 müňden gowrak protestçi toplandy.

Makedoniýanyň Sosial demokratik bileleşiginiň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa partiýalary, raýat guramalarynyň we student aktiwistleriniň goldamagynda, proteste başlamaga çagyrdylar.

Olar demonstrasiýaçylaryň Makedoniýanyň esasy hökümet binalarynyň daş işiginde premýer-ministr Nikola Gruewskiý we onuň hökümeti işden çekilýänçä durmaklaryny isleýärler.

Emma Gruewskiý 16-njy maýda hökümete tarapdar hususy telewideniýede, «Sitel» telekanalynda çykyş edip, özüniň işden çekilmek niýetiniň-de, geçiş hökümetini kabul etmek pikiriniň-de ýokdugyny aýtdy.

Sosial demokratik bileleşigiň lideri Zoran Zaýew protestiň «multietniki» häsiýetde boljagyny aýtdy. Onuň partiýasy bu proteste onlarça müň adamyň toplanjagyny çaklaýar.

Basdaş, hökümete tarapdar guramalar bolsa, Skopýede 18-nji maýda demonstrasiýa çykmaga çagyrdylar.

Makedoniýa ses ýazmak galmagaly bilen geçen hepde bolan zorlukly wakalar – sekiz polis ofiseriniň we goňşy Kosowadan gelen diýilýän 14 sany etniki alman jeňçisiniň öldürilmegi esasynda çuňlaşan syýasy kirizisiň ortasynda dur. Bu adamlar Makedoniýanyň demirgazyk Kumanowa şäherinde bolan söweş mahalynda öldürildi.

Gruewskiý 2006-njy ýyldan bäri premýer-ministr bolup işleýär.

Oppozisiýadaky Sosial demokratik bileleşik ol 2014-nji ýylyň aprelinde gaýtadan saýlanaly bäri, galplyk edilendigini öňe sürüp, parlamenti boýkot edýär.

Skopýe, protestçiler şygara gygyrýar. 17-nji maý, 2015.

Skopýe, protestçiler şygara gygyrýar. 17-nji maý, 2015.

Makedoniýanyň Student plenumynyň aktiwistleri Skopýede Merhemetli Kril we Metodius uniwersitetiniň öňünde öz protestlerine başladylar.

Makedoniýanyň ýokary bilim sistemasyna girizilen özgerişliklere gahar edip, olar uniwersitetden esasy protest meýdanyna, hökümet binalarynyň öňüne çenli ýöriş geçirjekdiklerini aýtdylar.

17-nji maý demonstrasiýasynda Ýewropa Parlamentiniň Sosial demokratik blogunyň hem birnäçe deputatynyň çykyp geplemegine garaşylýar.

Makedoniýanyň günorta-günbataryndaky Bitola şäheriniň 3000-den gowrak ýaşaýjysy 19 awtobusa, 14 minibusa we 300 maşyna münüp, demonstrasiýa gatnaşmak üçin irden, uzyn kerwen bolup ýola çykdy.

Ýerli media 17-nji maýda gündogar Makedoniýanyň Delsewe şäheriniň ýaşaýjylarynyň Skopýe şäherine gelýän ulag kerweniniň polisiýa tarapyndan her birnäçe kilometrden saklanyp, mazaly barlanandygyny habar berdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, Skoýede protestleriň öňünden pitneçilige garşy enjamlar, şol sanda gaz maskalary bilen berk ýaraglanan polisiýa bölümleri ýerleşdirilipdir

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG