Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Şaýy ýaraglylary hökümet güýçlerine goşuldy


Yragyň resmileri şaýy ýaraglylarynyň, Ramadiniň kontrollygyny gaýtadan ele salmak üçin düzülen hökümet güýçlerine goşulandygyny aýdýarlar. Ramadi şäheri sünnileriň Anbar welaýatynyň paýtagty bolup, ol geçen hepdäniň ahyrynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan basylyp alyndy.

Anbar welaýat geňeşiniň başlygy Sabah Karhoutyň berýän maglumatyna görä, 17-nji maýda “Haşed al-Şaabi” ýa-da “Halk mobilizasiýa bileleşikleri” ady bilen tanalýan hökümetiň kontrollygyndaky toparyň şaýy ýaraglylary Ramadi şäheriniň golaýynda ýerleşýän harby baza bardylar.

Aprel aýynyň başynda Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy ýaraglylary Tikrit şäheriniň kontrollygyny “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden yzyna gaýtaryp almakda möhüm rol oýnadylar. Emma soňra olar agzalýan sebitdäki şaýylara garşy edilen ýowuzlyklara gaýtawul hökmünde sünni musulmanlara garşy hüjümleri amala aşyrmakda aýyplandylar.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi, Anbardaky hökümete tarapdar sünni tire-taýpa liderleri we Birleşen Ştatlar şaýy ýaraglylaryny Ramadi şäherine ýerleşdirmekde göwünsizdiler.

XS
SM
MD
LG