Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Kürt partiýasynyň jaýynda partlama boldy


Türkiýede kürtlere tarapdar syýasy partiýa özüniň ýurduň günortasyndaky iki edara jaýynyň nyşana alnandygyny we aýry-aýrylykda iki partlamanyň amala aşyrylandygyny habar berýär.

Bu partlamalar 18-nji maýda “Halk demokratik” (HDP) partiýasynyň Mersin we Adana şäherlerindäki bölümlerinde amala aşyrylyp, bu wakanyň netijesinde alty adam ýaralandy.

“Halk demokratik” partiýasynyň berýän maglumatyna görä, Adana şäherinde bolan partlamada partiýanyň ýerli edarasynyň alty işgäri ýaralanypdyr. Beýleki şäherde bolan partlamada adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada henize çenli hiç hili maglumat berilmeýär.

“Dogan” atly hususy habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, partlamalaryň amala aşyrylmagyna partiýanyň Adana şäherindäki bölümine paketde getirilen partladyjy we Mersin şäherindäki edarasynyň öňünde gülüň aşagyndaky gaba ýerleşdirilen bomba sebäp bolupdyr.

XS
SM
MD
LG