Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Nulandyň saparyna gowy baha berýär


Kreml ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi Wiktoriýa Nulandyň Moskwa edýän saparyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gowulaşýandygynyň alamaty diýip häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Nulandyň, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada baglaşylan ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi üçin edilmeli indiki işler barada maslahat etmek üçin 17-18-nji maýda Moskwa sapar etjekdigini habar beripdi.

Nulandyň Moskwa edýän bu sapary geçen hepde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyklary geçirenden soň amala aşyrylýar.

18-nji maýda adam hukuklary boýunça kampaniýa alyp baran weteran Lýudmila Alekseýewanyň Nuland bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG