Sepleriň elýeterliligi

Ukraina rus esgerleri tutuldy diýýär


Ukrain harbysy gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapdar pitneçileriň hatarynda söweşýän iki rus esgeriniň ele salnandygyny öňe sürýär.

Ukrainanyň Baş ştabynyň metbugat wekili Wladislaw Seleznýowyň (Vladislav Seleznev) 18-nji maýda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän iki adam Ukrainanyň Howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilip, paýtagt Kiýewe getirilýär.

Ukrain harbysynyň aýtmagyna görä, iki rus esgeri uruş liniýasynyň golaýyndaky Sçastiýa şäherçesindäki türmä alnyp gidilipdir.

Köpçülige ýaýradylan wideoda esgerleriň biri diýlip aýdylýan bir adam özüniň Russiýanyň ýörite güýçleriniň agzasydygyny belleýär. Russiýa gündogar Ukrainadaky pitneçilere ýardam bermek maksady bilen öz harby güýçlerini Ukraina ugratmaýandygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde Moskwa gündogar Ukrainanyň Luhanks we Donetsk regionlaryndaky separatistleriň hatarynda asly rus milletli ençeme adamyň söweşýändigini tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG