Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň goranmak ministri Yraga bardy


Eýranyň goranmak ministri Yragyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşikleri geçirmek üçin Bagdada bardy.

Eýranyň goranmak ministri general Hossein Dehgan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi şäheriniň kontrollygyny ele salandan bir gün soň, 18-nji maýda Yragyň paýtagty Bagdada sapar edýär.

Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Dehgan Yragyň resmileri bilen “howpsuz we durnukly regiony döretmek üçin terrorçylyga garşy harby we goranyş hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ýollary” barada maslahat eder.

Bu aralykda “TASS” habar gullugynyň Yragyň Moskwadaky ilçihanasyna salgylanyp berýän maglumatynda, 21-23-nji maý aralygynda Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň Moskwa sapar etmegine garaşylýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG