Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen maşgalalary etrapdan gaçyp çykdy"


Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowizjan welaýatynyň Akja etrabynda hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda dowam edýän çaknyşyklaryň başlanyna 10 gün boldy. Çaknyşyklar sebäpli etniki türkmenleriň ýaşaýan bu etrabyndan müňlerçe maşgalanyň gaçyp çykmaga mejbur bolandygy habar berilýär.

Akja etrabynyň häkimi Rahmetulla Haşaryň berýän maglumatyna görä, çaknyşyklar heniz hem dowam edýär. Şeýle-de, ol bu etrapda 300 çemesi daşary ýurtly söweşijiniň ýerleşendigini belledi.

Owganystanda etniki türkmenleriň ýaşaýan Akja etrabyndaky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:35 0:00

XS
SM
MD
LG