Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlary deportasiýa senesini belleýär


Krym tatarlarynyň deportasiýasynyň senesi bellenýär, Krym, 18-nji maý, 2015.

Krym tatarlarynyň deportasiýasynyň senesi bellenýär, Krym, 18-nji maý, 2015.

Ukrainada Krym tatarlary sowet lideri Iosif Staliniň öz başlaryna salan köpçülikleýin deportasiýasynyň 71-nji ýyl dönümini belleýärler. Şonda 200 müň çemesi adam sürgün edilip, olaryň onlarça müňüsi heläk bolupdy.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň Holossiwskiý parkynda 18-nji maýda “Men Krym tatary” ady bilen geçirilýän çärede deportasiýanyň pidalarynyň hatyrasyna matam tutuldy.

Çärä krym tatarlarynyň aktiwistleri we Raýat Jemgyýeti we Demokratik Ösüş Instituty tarapyndan gurnaldy.

Kiýewdäki ýatlama çäreleri

Guramaçylar iki maksady öz öňünde goýýandyklaryny, ýagny 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda Merkezi Aziýa başladylan köpçülikleýin sürgüniň pidalaryny ýatlamak we Krymyň Orsýet tarapyndan geçen ýylda anneksiýa edilmeginiň dowamynda we yz ýany heläk bolanlary hatyralamak isleýändiklerini aýtdylar.

Parkda matam çäresine gatnaşmak we Stalin döwrüniň deportasiýasyny başdan geçiren adamlary, şeýle hem geçen ýylyň dowamynda Krymy terk etmäge mejbur bolan adamlary diňlemäge ýygnananlar üçin onlarça çadyr dikildi.

Krym tatarlarynyň baýry lideri we kanun çykaryjy, şeýle-de Ukrainanyň prezidentiniň wekili Mustafa Jemilew AÝ/AR bilen söhbetdeş bolup, 18-nji maýda Kiýewde geçirilýän matam çäresi bilen bilelikde Milli opera öýünde ýörite konsertiň hem planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Krym tatarlarynyň deportasiýa edilmeginiň senesini bellemek boýunça çäreler tutuş Ukrainada 16-njy maýda geçirildi.

14-nji maýda Ukrainanyň kanun çykaryjylary 18-nji maýda krym tatarlarynyň deportasiýasynyň milli matam senesini bellemek barada ýörite kanuny kabul etdiler.

Ukrainanyň Bilim ministrligi ýurduň mekdeplerine 18-nji maýda krym tatarlarynyň we ýarymadanyň beýleki etnik azlyklarynyň Merkezi Aziýa sürgün edilmeginiň taryhyna bagyşlanan sapak geçirmegi teklip etdi.

1944-nji ýylda sowet diktatory Iosif Stalin Krymyň ilatynyň bäşden bir bölegini emele getiren krym tatarlarynyň nasistik basyp alyjylar bilen hyzmatdaşlykda güman edip, 180 müň çemesi adamy sürgüne ibermegi buýurdy. Sürgün edilenleriň onlarça müňi ýolda ýa Merkezi Aziýa baran badyna öldüler.

Sürgün edilen krym tatarlarynyň ýa-da olaryň çagalarynyň ençemesi 1980-nji we 1990-njy ýyllaryň dowamynda Kryma dolanyp bardylar, emma adam hukuklaryny goraýjy toparlar, geçen ýylyň mart aýynda Orsýet Krym ýarym adasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşaly bäri tatarlaryň dürli kemsitmelere sezewar edilýändigini aýdýarlar.

Anneksiýadan soň

Halkara derejesinde ýazgarylan Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginden soň, ençeme krym tatary öldi, tatar aktiwistleriniň ençemesi tussag edildi, Orsýetiň goýan baştutanlary tarapyndan Jemilewa we Krym tatarlarynyň öz-özüni dolandyrýan edarasy bolan Mejlisiň başlygy Refat Çubarowa Kryma barmak gadagan edildi.

Aprel aýynda Krymyň Moskwada ýerleşýän ýolbaşçylary krym tatarlarynyň ýeke-täk telewizion telekanalyny we munuň bilen bagly beýleki media serişdelerini ýapdylar.

Krym tatarlarynyň köpüsi Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegine garşy çykyş edipdi. Krymyň Ukrainadan bölünip, Orsýetiň düzümine goşulmagy, orsýetiň ýörite güýçleri tarapyndan gyssagly bellenip, gyssagarada-da geçirilen referendumynyň netijesinde amala aşyrylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG