Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da, belki, ýüzünde aýal portreti bolan 20 dollarlyk kagyz pullar dolanyşyga goýberilip bilner. Bu ugurdan internetde geçirilen ählihalk pikir soralyşygynyň netijesinde dalaşgärleriň arasynda müňlerçe guly halas eden afroamerikan zenan Garriet Tabman has köp ses alypdyr.

Tanymal afroamerikan zenan Garriet Tabmen 1861-1865-nji ýyllar arasynda bolan graždanlyk urşunyň öňüsyrasynda müňlerçe guluň gul eýelerinden gaçmagyna we şeýle-de olaryň müňlerçesiniň gulçulykdan halas bolmagyna kömek edipdir. Belki-de, indi ol 20 amerikan dollarlyk kagyz pulda öz portreti bilen ýurtda ýene bir orun alyp biler.

Garriet Tabman.

Garriet Tabman.

"Amerikanyň sesi" radiosynyň habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda 20-lik kagyz pulda Amerikanyň 7-nji prezidenti Endýuro Džekson bilen Amerikan taryhynyň beýik gahrymanlarynyň biriniň portretiniň bilelikde ulanylmagy üçin "Ýigrimlikdäki zenanlar" atly internet sese goýluşygyna 6 ýüz müňden gowrak adam gatnaşypdyr.

Tagalla...

Bu tagalla esasy kanuna zenanlaryň saýlawlara gatnaşmak boýunça deňhukuklylygy barasynda girizilen üýtgeşiklige 100 ýyl dolmagyna bagyşlanýar. Kagyz we demir pullara gerekli üýtgeşikligiň girizilmegi babatdaky ygtyýaryň diňe ýurduň Finans ministrligine degişlidigine garamazdan, Amerikan Kongresinde eýýäm kagyz pulda zenan portretiniň ýerleşdirilmegi babatdaky kanun taslamasy-da gün tertibine girizildi.

Tabmen garaýagyz gullaryň ýurduň günortasyndaky plantasiýalardan gaçmagyna ABŞ-nyň "Meýdandaky demir ýol" atly gulçulygyň ýatyrylmagy ugrunda göreşýän gizlin guramasynyň üsti bilen kömek edipdir.

Pikir soralyşyk ses berişliginde Tabmen 118 müňden gowrak ses alyp, ABŞ-nyň owalky prezidenti Elenora Ruzwelt, raýat hukuklary hereketiniň gahrymany Roza Parks we gyzylderilileriň (indeýler) ilkinji zenan şasy Wilma Menkiller ýaly bäsdeşleriniň arasyndan öňe saýlanypdyr.

Ses berişlik

Tagallany gurnan guramanyň ýerine ýetiriji müdiri Sýuzan Eýds Stoun "Haçan-da elimizde zenan Garriýetiň portreti bilen çykarylan 20 dollarlyk kagyz pul bolýança, biziň işimiz tamamlandy hasaplanmaz" diýýär. Stounyň aýtmagyna görä, ses berişligi gurnanlar netijäni prezident Obama ýurduň maliýe ministri Džek Lýuwa kagyz puluň üýtgedilmegi babatda buýryk bermegi üçin iberipdirler.

Häzirki döwürde Amerikada zenan portreti bolan ýeke-täk pul birligi - ýüzünde zenan Sakagaweýiň portreti bolan 1 Amerikan dollarydyr. Ol gyzylderili gahryman zenan Luis bilen Klarkyň ABŞ-daky günbatar ekspedisiýasy döwründe ekspedisiýanyň ýolgörkezijisi bolupdyr.

ABŞ-nyň gaznasynyň arhiwinde aýal portretleri bolan ýene iki sany demir pul bar. Olardan 2003-nji ýylda ýasalan we Alabama ştatyna degişli 25 sentlik demir puluň ýüzünde Helen Kelleriň portreti we 1981-nji ýylda çykarylan dollar monetiniň ýüzünde Sýuzan B. Entoniň portreti bar.

XS
SM
MD
LG