Sepleriň elýeterliligi

Kabul: 11 polisiýa işgärine 1 ýyl kesildi


Owganystanyň sudy 11 polisiýa ofiserini Kabulda owgan zenanyň köpçülikleýin öldürilmeginiň öňüni alyp bilmezlikde aýyplap, 1 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

19-njy maýda bu baradaky karar mälim edilenden soň, kazy Safiullah Mojadedi tussaglaryň bu karary şikaýat etmäge hukuklarynyň bardygyny aýtdy.

Bu waka bilen baglanyşykly tussag edilen başga-da sekiz polisiýa ofiseri delilleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli boşadyldy.

Gürrüňi edilýän 19 polisiýa ofiseri Farhunda atly 27 ýaşly zenana hüjüm etmekde aýyplanýan 49 adamyň arasyndady.

19-njy martda owgan paýtagty Kabulda gahar-gazaply adamlaryň köpçüligi Farhundany urup-ýenjip öldürip, onuň jesedini otlady.

Şu aýyň başynda bu waka bilen baglanyşykly dört tussag ölüm jezasyna we başga-da sekiz sanysy 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Tussag edilen adamlaryň 18 sanysy delilleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli boşadyldy.

XS
SM
MD
LG