Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus işewüriniň “zäherlenen bolmagy mümkin”


Mundan iki ýyldan gowrak wagt öň Britaniýada ýogalan baý rus işewüri öldüriji ösümlikden ýasalan maddany ulanansoň zäherlenen bolmagy mümkin diýlip, derňewlerden öňki geçirilen diňlenişikde aýdylýar.

2012-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 44 ýaşly Aleksandr Perepiliçniý (Aleksandr Perepilichny) Londonyň günortasyndaky Surreý sebitinde ýerleşýän öýüniň golaýynda ylgap ýören mahaly, ýykylyp, aradan çykypdy.

Britaniýanyň polisiýasy bu wakany derňäp, rus işewüriniň ölüminiň şübheli däldigi barada karar çykardy.

Muňa garamazdan, 18-nji maýda derňewlerden öňki geçirilen diňlenişikde, täze barlaglaryň geçirilmegi netijesinde Perepiliçniýniň aşgazanynda himiki maddalar tapyldy diýilýär. Maglumata görä, gürrüňi edilýän maddany diňe “Gelsemium” atly aşa zäherli ösümlikden alyp bolýar.

Gürrüňi edilýän zäherli maddanyň Perepiliçniýniň bedeninde bolup-bolmandygyny anyklamak boýunça has köp barlaglar geçirilýär.

XS
SM
MD
LG