Sepleriň elýeterliligi

Abbot: “YD”-nyň öňki söweşijileri ýurda gelende tussag ediler


Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbot “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda söweşmegi bes edip, öýlerine dolanmak isleýän awstraliýalylaryň amnistiýa edilmejekdigini aýtdy.

Mundan öň, Awstraliýanyň Tele-gepleşikler korporasiýasy, gürrüňi gidýän ekstremist toparda söweşmek üçin alnyp gidilen, emma häzirki wagtda Ýakyn Gündogary terk edip, öýlerine dolanmak isleýän üç awstraliýaly bilen Kanberranyň gepleşikleri geçirýändigini habar beripdi.

Abbot bu mesele boýunça ýaýradan ilkinji köpçülikleýin beýanatynda daşary ýurtda söweşijileriň hatarynda uruşmaga giden awstraliýalylar, Siriýadaky we Yrakdaky konflikte gatnaşmagy berk gadagan edýän kanunlary bozdular diýdi.

“Eger, siz Awstraliýanyň kanunlaryny bozup, ýalňyş ekstremizmiň adyna günäsiz adamlary öldürseňiz, biz sizi bu ýurtda gowy garşy almarys” diýip, Abbot öz beýanatynda belleýär.

Şeýle-de, ol “eger siz terrorçy topara goşulmak üçin daşary ýurda gitseňiz we soňra yzyňyza Awstraliýa dolanmak isleseňiz, onda siz ýurda geleniňizde tussag edilersiňiz” diýdi.

XS
SM
MD
LG