Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan “NÝT”-yň öňe sürmelerini derňeýär


Pakistanyň içeri işler ministri Çaudri Nisar Ali Han (Chaudhry Nisar Ali Khan) Birleşen Ştatlaryň metbugat serişdesinde Karaçide ýerleşýän kompaniýanyň internetde onlaýn görnüşde galp okuw diplomlaryny satmak arkaly her ýyl onlarça million amerikan dollaryny gazanýandygy barada öňe sürlen maglumatlary derňemegi tabşyrdy.

Pakistanyň Içeri işler ministrligi bu baradaky maglumaty, “New York Times” neşiri “Axact” atly kompaniýanyň Birleşen Ştatlardaky “Kolumbiýa” we “Berkeleý” ýaly abraýly uniwersitetleriň atlaryna salgylanyp, “Kolumbiýana, “Barkleý” ýaly atlar bilen toslama okuwlaryň ýüzlerçe websaýtyny açandygy barada maglumat berenden bir gün soň, ýagny 19-njy maýda mälim etdi.

“New York Times” neşiriniň maglumatynda toslama uniwersitetleriň websaýtlary seljerilýär we Birleşen Ştatlardan, Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden öz okuw diplomlaryny almak üçin ýüz müňlerçe amerikan dollary möçberinde pul serişdesini tölän müşderilere salgylanylýar.

“Axact” kompaniýasy bu maglumatlary “esassyz, töhmetçilikli çykyş” diýip ýazgardy.

XS
SM
MD
LG