Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg, Lawrow gepleşikleri geçirýär


NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirýär.

NATO-nyň adynyň köpçülikde agzalmazlygyny soran resmisiniň berýän maglumatyna görä, 19-njy maýda Brýusselde Stoltenbergiň we Lawrowyň NATO-Russiýa gatnaşyklaryny we gündogar Ukrainadaky uruşy bes etmek barada fewral aýynda Minskde gol goýlan ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada maslahat etmegine garaşylýar.

Russiýanyň çeşmeleri Lawrowyň Stoltenberg bilen duşuşmak baradaky planlaryny tassyklady.

Russiýanyň daşary işler ministri Ýewropa Geňeşiniň Ministrler kabinetiniň ýyllyk ýygnagyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele bardy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edensoň, NATO bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar “Sowuk urşy” döwründen bäri iň pes derejesine ýetdi.

XS
SM
MD
LG