Sepleriň elýeterliligi

Özbek bank resmisi ýetmezçilikden zeýrenýär


Özbek somy

Özbek somy

Özbegistanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň orunbasary Ulugbek Mustafaýew ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirziýaýewe hat ýollap, onda ýurduň yzarlap bolmaýan walýuta serişdeleriniň dolanyşygyndan ejir çekýändigini, bu ýagdaýlaryň ykdysadyýete uly howp salýandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna bu hatyň bir nusgasyny almak başartdy. “Resmi ulanyş üçin” diýen rezolýusiýaly bu hatyň 10-njy aprelde ýazylandygy görkezilýär.

Gürrüňi gidýän hatda ýurduň berk gözegçilikde saklanylýan ykdysadyýetiniň uly kynçylyklaryň öňünde durandygy ýaňzydylýar. Şeýle-de bu hatda ýurduň milli pul birliginiň we ykdysady institutlarynyň ygtybarlylygy hem sorag astyna alynýar.

Mustafaýew agzap geçen kynçylyklarynyň hötdesinden gelmek üçin ýurtda Internet bank ulgamyny ýola goýmaga, şeýle-de ulag ýaly hojalyk serişdelerini almak üçin kreditleri höldürläp başlamagy teklip edýär.

Emma häzirki wagtda Gazagystanda ýaşaýan Özbegistanyň Maliýe ministrliginiň ozalky resmisi Saparboý Jumaýew Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşliginde “el-ýüzdäki pullaryň banka dolanyp gelmeýänligi” sebäpli meseläniň çözgüdiniň kynlaşýandygyny belledi.

Ol: “Merkezi Bankyň hödürleýän çäreleri durmuşa geçirilende, meseläniň diňe 10%-i çözler. Emma hatda problemanyň galan 90%-i barada kelam agyz söz aýdylanok” diýdi.

Jumaýew häzirki ýagdaýlarda häkimiýetleriň maliýe gözegçiligini güýçlendirjekdigini çaklaýar. Şol bir wagtda-da “gözegçiligi güýçlendirip, meseläni çözüp bolmanýandygyny” hem sözüniň üstüne goşýar.

Merkezi Bankyň resmisi Mustafaýew öz hatynda kemçilik edýän 1,5 trillion som ($602 million) sebäpli, özbek banklarynyň döwlet edaralarynyň ençemesiniň işgärlerine aýlyk haklaryny töläp bilmeýändiklerini mälim edýär.

Şeýle-de hatda serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli bankalaryň “ätiýaçlyk fondlaryndan” 470 million som ($200 million) almaga mejbur bolandygy aýdylýar.

“Ätiýaçlyk fondy” diýlip, anyk nämäniň göz öňünde tutulýandygy aýan edilmese-de, Özbegistan 2000-nji ýyllarda bolup biläýjek maliýe meseleleri üçin jemgyýetçilik fondlaryny döretmegi karar edipdi.

Mustafaýew gürrüňi gidýän kynçylyklarda öz serişdelerini banklarda saklamaýan telekeçileri, hususy kärhanalary aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG