Sepleriň elýeterliligi

Meşhur aktrisa Natalie Portman täze filminde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki prezidentiniň aýaly Jaklin Kennediniň (Jacqueline Kennedy) keşbini ýerine ýetirýär.

Gürrüňi gidýän filmde Jakliniň ömrüniň dört güni, ýagny onuň adamysy, Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti John F. Kennedy-niň janyna kast edilenden soňky günler barada gürrüň edilýer.

“Jackie” diýlip atlandyryljak filmiň prodýuseri Darren Aronofsky bolar. Ol Portmanyň “Oskar” baýragyny almagyna sebäp bolan “Gara guw” atly filmiň hem prodýuseridir.

Gürrüňi gidýän film şu ýylyň soňunda surata düşürilip başlanylýar.

Bu aralykda, Kann kinfestiwalynda Portmanyň “Söýgi hekaýasy we tümlük” atly filminiň ilkinji gezek görkeziliş dabarasy geçirilýär.

Bu film ysraýylly tanymal ýazyjy Amos Ozunyň awtobiografik, ýagny öz ömri baradaky romany esasynda surata düşürilendir.

Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti John F. Kennedy we onuň aýaly Jacqueline Kennedy. 22-nji noýabr, 1963 ý.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG