Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly ymama 5 ýyl kesildi


Pakistanyň terrorçylyga garşy göreş boýunça sudy bir ymamy, ýurtdaky şaýy azlygyna garşy wagyz-nesihat işlerini amala aşyrmakda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

20-nji maýda Lahor etrap prokurory Şaih Said Ahmed ymam Maulana Abubakara garşy çykarylan hökümi tassyklady.

Maulana Abubakar fewral aýynda Punjab welaýatynyň Kasur etrabynda tussag edilipdi. Ol özüne garşy ýöňkelýän aýyplamany ret edýär.

“Dawn” atly neşiriň Pakistanyň adynyň köpçülikde agzalmazlygyny soran resmisine salgylanyp berýän maglumatyna görä, şu ýyl ýurtda ýigrenç mazmunly wagyz-nesihat işlerini amala aşyrmakda 21 adam sekiz ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Soňky iki ýylyň dowamynda ilatynyň aglabasy sünnilerden ybarat Pakistanda amala aşyrylan mezhebara hüjümlerde 1 müň çemesi şaýy musulmany heläk boldy.

XS
SM
MD
LG