Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Ukraina Russiýa bilen 'hakyky urşuň' içinde


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Ukrainanyň indi Russiýa bilen “hakyky urşuň” içindedigini we ukrainleriň Russiýanyň hüjümlerine taýýarlykly bolmalydygyny aýtdy.

20-nji maýda “BBC” korporasiýasynda efire giden interwýuda Poroşenko özüniň rus kärdeşi Wladimir Putine ynanmaýandygyny, emma onuň bilen gepleşikleri geçirmekden başga çykalgasynyň bolmandygyny hem aýtdy.

Şeýle-de, Poroşenko gündogar Ukrainanyň käbir bölekleriniň diňe harby güýç bilen separatistleriň elinden alyp bolmajakdygyny aýdyp, bu ýagdaýda diplomatiýanyň esasy çykalga bolandygyny belledi.

Kiýew we Günbatar Moskwanyň gündogar Ukrainadaky pitneçileri ýarag bilen üpjün edýändigini, olary türgenleşdirýändigini aýdýarlar. Russiýa bu aýyplamalary ret edýär.

Gündogar Ukrainadaky pitneçiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6 100-den gowrak adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG