Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tusk “boş wadalary” bermejekdigini aýtdy


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Gürjüstan, Moldowa we Ukraina ýaly öňki sowet respublikalarynyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda synanyşmaga hukugynyň bardygyny, emma şeýle integrasiýanyň perspektiwalary barada “boş wadalary” bermejekdigini aýtdy.

Tusk 21-22-nji maýda geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinden öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, hyzmatdaşlyk programmasy Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy hiç haçan kepil geçmedi, emma Kiýewiň, Tbilisiniň we Kişinewiň “arzuw etmäge, şeýle-de Ýewropa arzuwyny etmäge hukuklary bar” diýdi.

Rigada geçiriljek sammitiň öň ýanynda, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina Ýewropa Bileleşigini bu bileleşige agza 28 ýurduň hataryna goşulmak ähtimallygy barada özlerini takyk maglumatlar bilen üpjün edip bilmezlikde aýypladylar.

XS
SM
MD
LG