Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Koreýa Banyň saparyny ýatyrdy


20-nji maýda Demirgazyk Koreýa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-munyň Phenýana etjek sapary barada eden çakylygyny ýatyrdy. Bu barada Ban Ki-munyň metbugat wekili habar berýär.

“Şu gün ir bilen bize Koreýa Demokratik Halk respublikasynyň resmileri, 21-nji maýda maňa “Kaesong senagat kompleksine” sapar etmek barada eden çakylyklaryny yza çekýändiklerini diplomatik ýollar bilen mälim etdiler” diýip, Ban Günorta Koreýanyň paýtagty Seulde eden çykyşynda belledi.

Ban bu hereketi “gaty gynandyryjy” diýip atlandyryp, “bu çäräniň soňky pursatda üýtgedilmegi barada hiç hili düşündiriş berilmedi” diýdi.

Şeýle-de, Ban koreýýalylaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak üçin “zerur bolan ähli zady etmäge” taýýar bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG