Sepleriň elýeterliligi

BMG rus ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Russiýanyň Siriýadaky ilçihanasyna edilen hüjümi berk ýazgardy. Gürrüňi gidýän geňeş bu wakany “terrorçylykly hüjüm” diýip atlandyrdy.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Siriýadaky rus diplomatlarynyň edara jaýlaryna minomýot oklary uçurylypdyr we ilçihananyň binasyna “ähmiýetli derejede zeper ýetipdir”. Şol bir wagtyň özünde resmiler, hüjümiň amala aşyrylan mahaly, ilçihananyň işgärleriniň öýlän nahary iýmek üçin edara jaýynyň daşyna çykandygyny, şu sebäpden hem adam ýitgisiniň bolmandygyny belleýärler.

Resmiler hüjümiň Jobar sebitinden amala aşyrylandygyny aýdýarlar. Bu sebite bikanun ýaragly toparlar kontrollyk edýär. Bu hüjüme jogapkär toparyň ady henize çenli anyklanylmady.

Russiýanyň Siriýanyň paýtagty Damaskdaky ilçihanasy mundan ozal hem nyşana alnypdy. Russiýa Siriýanyň hökümetiniň güýçli ýaranydyr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti we Russiýanyň daşary işler ministrligi hem aýry-aýrylykda ýaýradan beýanatlarynda rus ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardylar.

XS
SM
MD
LG