Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň söwdä gämisini yzarlady


Eýranyň “Şahed” ýük gämisi, Eýran, maý, 2015

Eýranyň “Şahed” ýük gämisi, Eýran, maý, 2015

Eýran Ýemene ynsanperwer kömegini alyp barýan söwda gämisiniň ýany bilen iki sany söweş gämisini ugratdy, ABŞ bolsa eýranlylara gözegçilik etmek üçin öz söweş gämilerini iberdi.

19-njy maýda bolan bu ýagdaý Eýranyň gämileriniň öz ýüküni düşürmek üçin Ýemeniň Hodaida portuna golaýlan pursatynda ýüze çykdy.

Pentagonyň metbugat wekili polkownik Stewe Warreniň aýtmagyna görä, Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi gozgalaňçylaryna garşy howa zarbalaryny urýan ABŞ we onuň ýaranlary, şol sanda Saud Arabystany Eýranyň niýetine hüşgärlik bilen garadylar we Eýranyň gämileriniň “her ädimini” yzarladylar.

Warren Eýranyň “haýsy-da bolsa bir pirimi” ulanjak bolmagyndan aladalanma bildirdi, emma “biz bu barada çakdanaşa howatyrlanmaýarys” diýip belledi.

Gözegçilik çäreleri

NBC News neşiriniň Goranmak departamentiniň resmilerine salgylanyp habar bermegine görä, ABŞ eýranlylara gözegçilik etmek üçin suwda ýüzýän dikuçar göteriji “Iwo Jima” gämisini iberipdir.

ABŞ-nyň beýleki dört harby gämisi zerur ýagdaýda jogap bermek üçin Günbatar Aden aýlagynda ýerleşdirildi.

ABŞ Eýranyň “Şahed” atly ýük gämisindäki ynsanperwer kömegini Djibutiniň golaýynda ýerleşýän we Ýemende kömek paýlamak boýunça BMG-niň gözegçiligindäki merkeze iberilmegini haýyş etdi. Eýran mundan ýüz öwürdi.

Saud Arabystany we onuň aýlagdaky ýaranlary Ýemene barmaga synanyşýan ähli gämileri barlaýarlar we Ýemeniň aglaba bölegine, şol sanda Hodaida gözegçilik edýän gozgalaňçylara ýarag eltilmeginiň öňüni almaga çalyşýarlar.

Eýranyň resmileri Huthi toparyny ýarag bilen üpjünçilikde goldaýandygyny inkär edýärler, emma Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky güýçlere öz ýük gämisini barlamaga rugsat bermejegini aýdýarlar.

“Howply tejribe”

Eýranyň hereketi Tähran bilen gapma-garşylykdan saklanýan we eýran gämisiniň oňyn ýük alyp barýandygyna şübhelenýändigini aýdýan ABŞ üçin çözülmesi kyn mesele döretdi.

Emma ABŞ Eýranyň Ýemene hiç bir gözegçiliksiz erkin geçmek boýunça “howply tejribä” ýol açmagyna we ýarag daşamak mümkinçiligine eýe bolmagyna rugsat bermek hem islemeýärler diýip, NBC-niň çeşmesi aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de Eýran ýük gämisine halkara gözegçilerini goýberdi. ABŞ-nyň resmileri muny “propaganda maksatlary” bilen düşündirdiler.

Gözegçileriň biri, germaniýaly syýasy aktiwist, öň Germaniýanyň ARD TW-nde işlän Hristof Horstel “bu durşuna ynsanperwer missiýasydyr. Bu ýerde ýanymyzda başga hiç hili gämi ýok – diňe Eýranyň harby gämileri” diýip, Reuters agentligine gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da Horstel 18-nji maýda nämälim uçaryň gäminiň daşyndan üç gezek aýlanyp geçendigini aýtdy.

Horste “Eger howa we gäminiň tehniki ýagdaýy ýol berse... biz Bab al-Mandeb bogazyndan ertir irden geçeris” diýdi.

Eýranyň “Şahed” gämisiniň kapitany Massoud Ghazi Mirsaidiň gäminiň Aden aýlagyny Gyzyl deňiz bilen birleşdirýän Bab al-Mandep bogazyna 21-nji maýda girjekdigini aýdandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG