Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Russiýa bilen ylalaşyklaryň birnäçesi ýatyryldy


Ukrainanyň parlamenti harby hyzmatdaşlyk boýunça Russiýa bilen baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň birnäçesini ýatyrdy.

21-nji maýda Ukrainanyň Werhonaýa Radasy, harby pudak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada 1995-nji ýylda gol goýlan ylalaşygy we Moldowada ýerleşýän rus harbylarynyň Ukrainanyň territoriýasyndan tranzit geçmegi boýunça gol goýlan şertnamany ýatyrmak barada kanun taslamasyny goldady.

Bu hereket, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda gol goýlan ylalaşyga garamazdan, gürrüňi gidýän sebitde hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapdar separatistleriň arasynda birsyhly bolmadyk söweşleriň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklar zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 100-den gowrak adamyň heläk bolandygy habar berilýär. Kiýew we Günbatar Russiýany gündogar Ukrainadaky pitneçileri ýarag bilen üpjün etmekde we ol ýere öz goşunyny ugratmakda aýyplaýarlar. Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG