Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Günbatar hyzmatdaşlygy sammiti başlady


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri alty gündogar ýurdundan öz hyzmatdaşlary bilen 21-nji maýda Latwiýanyň paýtagty Rigada geçirilýän sammitde duşuşýarlar.

Iki gün dowam etjek bu ýygnagyň dowamynda Ýewropa Bileleşigine agza 28 ýurduň, Gündogar hyzmatdaşlygy programmasynyň Russiýa bilen gatnaşyklary boýunça nädip ylalaşjakdygy baradaky mesele ilkinji nobatdaky sorag bolup durýar. Gürrüňi edilýän programma Ermenistany, Azerbaýjany, Belarusy, Gürjüstany, Moldowany we Ukrainany öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän sammitiň iň soňky ýygnagy 2013-nji ýylda Wilnýusda geçirilipdi. Bu ýygnak häzirki wagt Ukrainada dowam edýän krizisiň başlamagyna sebäp bolupdy. Şonda Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak baradaky ylalaşygy goldamandy.

Aradan birnäçe aý geçen soň, Ukrainada bolan ýowuz protestler Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegine sebäp bolupdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýewropa Bileleşigine Russiýanyň bähbitlerine zeper ýetirip biljek ädimleri ätmezlige garşy duýduryş berdi.

XS
SM
MD
LG