Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Bosniýa has köp maýa ýatyrmakçy


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýe Bosniýa bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýär diýdi. Häzire çenli Bosniýa 50 million ýewro möçberinde maýa ýatyran Türkiýe Saraýewoda ýene-de 25 million ýewro maýa ýatyrmagy meýilleşdirýär.

20-nji maýda Erdogan ençeme ministrler we işewürler bilen birlikde Saraýewo bardy. Türk işewürleri iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrjak birnäçe ylalaşyga gol goýdular.

Bosniýanyň prezidenti Mladen Iwaniç süýt önümlerini öndürýän bosniýaly işewürler öz harytlaryny Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara eksport etmekde kynçylyk çekýän mahaly, Bosniýadan Türkiýä azyk we beýleki önümleriň eksportynyň artdyrylmagy täze iş orunlaryny döreder diýdi.

XS
SM
MD
LG