Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistanda seminar geçirdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanda terrorçylaryň serhetden geçmeginiň öňüni almaga gönükdirilen seminar geçirdi.

Aşgabatda iki dowam eden we pasport barlaglary geçirilende döwrüň ösen tehnologiýasyndan, ýagny Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň esasy düzgünnamasyndan (ICAO PKD) peýdalanmaga gönükdirilen bu seminar 20-nji maýda tamamlandy.

Gürrüňi edilýän seminara Türkmenistanyň howpsuzlyk, migrasiýa we serhet gulluklarynyň işgärleri gatnaşyp, olar köptaraplaýyn tehniki platformalar bilen tanyşdylar. Olar biometrik pasportdaky howpsuzlyk goraglaryny elektron görnüşde netijeli barlamaga mümkinçilik döredýär.

“Çipli biometrik pasportlar terrorçylaryň we jenaýatkärleriň galp syýahat resminamasyny taýýarlamagynyň öňüni almakda esasy ädim bolup durýar” diýip, ÝHHG-nyň Milletara howplar boýunça departamentinden Simon Deignan aýtdy.

Bu çäre ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde ÝHHG-nyň Milletara howplar boýunça departamentiniň “Terrorçy bileleşiklere garşy hereket” atly edarasy tarapyndan guramalaşdyryldy.

ÝHHG-niň şuňa meňzeş seminarlarynyň Gazagystanda we Täjigistanda hem geçirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG