Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Akjada ölen söweşijileriň aglabasy ýerli däl


Owgan howpsuzlyk işgäri.
Owgan howpsuzlyk işgäri.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowizjan welaýatynyň Akja etrabynda agyr çaknyşyklar boldy. Etraba ýaragly söweşijileriň çozmagy netijesinde ýaşaýjylaryň aglabasy etniki türkmenlerden bolan ilat öz obalaryny terk etdiler.

Emma ýakynda söweşijilere garşy uly harby operasiýa başlandy. Jowizjan welaýatynyň häkimi Hajy Baymyrat Goýunlynyň aýtmagyna görä, şol çäräniň netijesinde söweşijiler etrapdan kowlup çykaryldy.

Ol aýratynam şol çaknyşyklarda ölen söweşijileriň aglabasynyň ýerliler däl-de, beýleki welaýatlardan, hat-da daşary ýurtlardan gelen gozgalaňçylardygyny gürrüň berýär. Mälim bolşy ýaly, soňky döwür daşary ýurt söweşijileri demirgazyk Owganystana aralaşýarlar. Olaryň uly bir bölegi hem Merkezi Aziýalylardan ybarat.

Jowizjan welaýatynyň häkimi Baymyrat Goýunly bilen Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdanguly Myrady söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:29 0:00

XS
SM
MD
LG