Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany: Bir raýat öldürildi


Ýemeniň araçäginden Saud Arabystanynyň serhedine edilen raketa hüjüminde bir adam heläk boldy we başga-da iki sanysy ýaralandy.

Saud Arabystanynyň “SPA” atly döwlet habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu waka 21-nji maý gijesi ýurduň günortasyndaky Dahran welaýatynda bolupdyr.

Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi pitneçileri Ýemeniň prezidentini ýurdy terk etmäge mejbur edip, Ýemeniň aglaba bölegini ele saldylar. Saud Arabystanynyň liderligindäki koalisiýa sekiz hepde bäri Ýemendäki Huthi pitneçilerine garşy hüjümleri amala aşyrýar.

Şu hepdäniň başynda Huthileriň “Al Masira” alty telekanaly Huthi söweşijileriniň Saud Arabystanynyň serhet postuna aralaşýandygy aýdylýan wideo ýazgylary görkezdi.

XS
SM
MD
LG