Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Ukrainada tussaglar gynamalara sezewar edilýär


“Amnesty International” guramasy gündogar Ukrainada söweşýän iki tarapyň hem her gün diýen ýaly uruş jenaýatlaryny amala aşyrýandygyny, şol sanda tussaglary gynamalara sezewar edýändigini we öldürýändigini habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň 22-nji maýda ýaýradan raportynda berilýän maglumata görä, bu barada hökümet we separatist güýçleri tarapyndan ýesir alnan öňki tussaglar maglumat berýärler. Olar iki tarapyň hem ýesir alnanlary urup-ýenjip, pyçaklap, elektrik togy bilen gynamalara sezewar edýändigini aýdýarlar.

Gürrüňi edilýän gurama öz hasabatynda gündogar Ukrainadaky separatistler tarapyndan ýesir alnan 17 adam we hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen 16 adam bilen interwýu geçirendigini mälim edýär.

“Amnesty International” guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň agentliklerini we ekspertlerini Ukrainada uruş alyp barýan iki tarapyň hem tussaghanalaryny aýlanyp görmäge çagyryş edýär.

XS
SM
MD
LG