Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YD” Yrakda ýene bir şäherçäni ele saldy


“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Yragyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň ýene bir şäherçesini ele salandygy habar berilýär. Mundan bir hepdeden hem az wagt öň, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri agzalýan welaýatyň paýtagty Ramadi şäheriniň kontrollygyny öz gözegçiligine geçiripdi.

Yragyň ýerli tire-taýpa lideriniň 22-nji maýda beren maglumatyna görä, Husseiba atly kiçi şäherçe gijäň ýary söweşijileriň kontrollygyna geçipdir. Şeýh Rafie al-Fahdawiniň aýtmagyna görä, polisiýanyň we tire-taýpalardan düzülen ýaraglylaryň ok-däri serişdeleri gutarandan soň, olar yzyna çekilmäge mejbur bolupdyrlar.

Husseiba şäherçesi Ramadi şäheriniň takmynan ýedi kilometr gündogarynda ýerleşýär.

21-nji maýda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň hökümet güýçlerini yzyna serpikdirip, ýurduň Siriýa bilen araçäkleşýän esasy serhedini basyp aldy.

XS
SM
MD
LG