Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Depardýe: Putini gowy görýärin


Žerard Depardiýe
Žerard Depardiýe

Belli fransuz aktýory Žerard Depardýe (Gerard Depardieu) Kanna Film festiwalynda çykyş edip, rus prezidenti Wladimir Putini “örän gowy” görýändigini aýtdy. 66 ýaşly Depardiýe rus raýatlygyny alypdy.

Ukrainadaky krizis barada soralanda, ol: “Her kim ýaly men konfliktleriň ýaramaz bir zatdygyny çaklaýaryn. Men Putiniň oňatdygyny bilýärin we ony gaty gowy görýärin” diýdi.

2013-nji ýylda Putiniň özi Depardýe rus pasportyny gowşurypdy.

Kiýew we Günbatar ýurtlary Moskwany Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri ýarag bilen üpjün etmekde aýyplaýarlar. Moskwa bulary red edýär.

XS
SM
MD
LG